Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • YLYM-BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
        • HALKARA GATNAŞYKLARY ULGAMYNDA TÜRKMEN-ERMENI HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
        • GERMANIÝALY WEKILLER BILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Туркменистан-Польша: сотрудничество ради мира и прогресса
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / GEOGRAFIÝA WE EKOLOGIÝA DERSLERI BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
    GEOGRAFIÝA WE EKOLOGIÝA DERSLERI BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
    GEOGRAFIÝA WE EKOLOGIÝA DERSLERI BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
    GEOGRAFIÝA WE EKOLOGIÝA DERSLERI BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
    GEOGRAFIÝA WE EKOLOGIÝA DERSLERI BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
    GEOGRAFIÝA WE EKOLOGIÝA DERSLERI BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
    30/03/2026

    110

    GEOGRAFIÝA WE EKOLOGIÝA DERSLERI BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

    2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Zyňyndysyz dünýä üçin halkara güni mynasybetli institutyň hyzmatdaş orta okuw mekdepleriniň uçurym synp okuwçylarynyň arasynda Geografiýa we Ekologiýa derslerinden bäsleşik geçirildi.
    Bäsleşige Aşgabat şäheriniň Annanyýaz Artyk adyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebiniň, Aşgabat şaheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiniň, Aşgabat şäheriniň ynsançylyk ugurly we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň we Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň uçurym synp okuwçylaryndan ybarat toparlar gatnaşdylar.
    Institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy tarapyndan guralan bu bäsleşigiň esasy maksady ýaşlaryň ylym-bilim ukyplaryny açyp görkezmekden, olaryň intellektual we logiki pikirlenişini ösdürmekden hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirildi. Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolup, okuwçylaryň diňe bir nazary bilimlerini däl, eýsem olaryň çalt pikirlenmek ukyplaryny hem synagdan geçirdi. Okuwçylar birinji tapgyrda dünýä döwletleriniň paýtagtlary, ikinji tapgyrda döwlet baýdaklary, üçünji tapgyrda bolsa häzirki zaman ekologiýa meseleleri boýunça 12 soraga, jemi üç tapgyr boýunça 36 sany soraga jogap berdiler. Her soraga jogap bermek üçin wagt bellenilip, jogaplar ýazmaça görnüşde kabul edildi.
    Bäsleşigiň netijeleri boýunça, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylar topary iň ýokary netijäni gazanyp, I orna mynasyp boldular. II orny Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň topary, III orny bolsa Aşgabat şäheriniň ynsançylyk ugurly we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 76-njy mekdebiniň okuwçylary eýelediler. Ýeňijilere Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň adyndan Diplomlar we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

    Hudaýberdi ROZYKOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    “Döwrebap žurnalistikanyň esaslary” atly seminar geçirildi surady

    30/03/2026

    “Döwrebap žurnalistikanyň esaslary” atly seminar geçirildi
    GENDER DEŇLIGI MESELESI BOÝUNÇA PARLAMENTARA  DIALOGY GEÇIRILDI surady

    27/03/2026

    GENDER DEŇLIGI MESELESI BOÝUNÇA PARLAMENTARA DIALOGY GEÇIRILDI
    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    27/03/2026

    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI