14/06/2024
5609
Gandbol ýaryşy geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda sportuň gandbol görnüşi boýunça institutyň talyp ýaşlarynyň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyplary” atly bäsleşik geçirildi.
Talyplaryň dynç alyşlaryny gyzykly gurnamak, talyp ýaşlaryň hoşniýetli birek-biregi hormatlamak ýagdaýlaryny döretmek maksady bilen geçirilýän ýaryşlar talyplaryň wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklaryny üpjün edýär.
Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçip, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti 1-nji orna, Halkara žurnalistikasy fakulteti 2-nji orna, Halkara gatnaşyklary fakulteti 3-nji orna mynasyp boldular. Şeýle sport bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi sagdyn berk bedenli ýaşlaryň kemala gelmegine uly ýardam berýär.
Aýnur Hudaýbergenowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
13/06/2026
UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
10/06/2026
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi