17/12/2025
37
DIPLOMATIÝA ÝOLUNDA HALKARA TEJRIBE
2025-nji ýylyň 8-11-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynda “Halkara gatnaşyklary: BAE-niň syýasy strategiýasy, medeni gymmatlyklary we ykdysady ugurlary” atly diplomatik okuw maksatnamasynyň çäklerinde okuw sapaklary guraldy.
Maksatnamanyň dowamynda tejribeli hünärmenler tarapyndan Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklar, BAE-niň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle-de ýurduň ykdysady ösüş strategiýalary we medeni aýratynlyklary barada giňişleýin çykyşlar edildi. Bu okuw sapaklary gatnaşyjylara häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryna has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berdi.
Okuw maksatnamasynyň çäklerinde Abu-Dabiniň taryhy-medeni ýadygärliklerine we muzeýlerine guralan gezelençler hem aýratyn ähmiýete eýe boldy. Hususan-da, teamLab hadysalar muzeýine, Kasr Al Watan Prezident köşgüne we Kasr Al Hosn ýaly taryhy desgalara edilen saparlar gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu ýadygärlikler BAE-niň döwlet gurluşynyň, syýasy mirasynyň we baý medeni gymmatlyklarynyň aýdyň beýany bolup durýar.
Bu okuw sapary Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň milli diplomatik okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga itergi berdi. Şeýle-de bu maksatnama geljekki diplomatlar üçin nazary bilimleri halkara tejribesi bilen utgaşdyrmaga, amaly başarnyklary ösdürmäge we gözýetimini giňeltmäge mümkinçilik döretdi.
Batir SADULLAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.