Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÜRKMEN-FRANSUZ GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • BEÝIK BRITANIÝALY DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK
        • AWSTRIÝANYŇ ÝEWROPA WE HOWPSUZLYK SYÝASATY INSTITUTYNYŇ WEKILI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ VI SAÝLAMA OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Çäreler / “DAŞARY ÝURT DILLERINI OKATMAKDA PREZENTASIÝALARYŇ ORNY” ATLY OKUW-USULY MASLAHAT
    “DAŞARY ÝURT DILLERINI OKATMAKDA PREZENTASIÝALARYŇ  ORNY” ATLY OKUW-USULY MASLAHAT
    “DAŞARY ÝURT DILLERINI OKATMAKDA PREZENTASIÝALARYŇ  ORNY” ATLY OKUW-USULY MASLAHAT
    “DAŞARY ÝURT DILLERINI OKATMAKDA PREZENTASIÝALARYŇ  ORNY” ATLY OKUW-USULY MASLAHAT
    14/07/2023

    2639

    “DAŞARY ÝURT DILLERINI OKATMAKDA PREZENTASIÝALARYŇ ORNY” ATLY OKUW-USULY MASLAHAT

    Häzirki wagtda, daşary ýurt dillerini bilmezden, kämil derejeli hünärmen bolup ýetişmek mümkin hem däl. Çünki üçünji müňýyllyk adamzat taryhynda ylym-bilimiň we tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösýän zamanasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň dowam edýän öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede toplumlaýyn we sazlaşykly ösdürilýär. 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Gujurly bilim merkezi” hojalyk jemgyýeti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde gurnamagynda “Daşary ýurt dillerini okatmakda prezentasiýalaryň orny” atly okuw-usuly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory G.Ýusupowa hem-de Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymlary gatnaşdylar. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, daşary ýurt dilleriniň okadylyş aýratynlyklarynyň biri barada geçirilen maslahatda “Gujurly bilim merkezi” hojalyk jemgyýetiniň okuw-usulyýet işleri boýunça müdiriniň orunbasary M.Amanýazow “Prezentasiýa taýýarlamagyň aýratynlyklary we ony netijeli hödürlemegiň usullary” atly temadan täsirli çykyş etdi. Dil sapaklarynda görkezme esbaplaryň we tehniki serişdeleriň ulanylyşy barada mugallymlar özara tejribe alyşdylar. Maslahata gatnaşyjylar daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullary barada giňişleýin pikir alyşdylar.

    Aýna SÄTGELDIÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    «NOWRUZ – RUHUBELENTLIGIŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BAÝRAMY» ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY GEÇIRILDI surady

    19/03/2026

    «NOWRUZ – RUHUBELENTLIGIŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BAÝRAMY» ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY GEÇIRILDI
    Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmegine bagyşlanan çäre surady

    18/03/2026

    Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň döredilmegine bagyşlanan çäre
    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    10/03/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI