21/03/2026
12
Bütindünýä suw serişdeleriniň güni
Her ýylyň 22-nji martynda dünýäde Bütindünýä suw serişdeleriniň güni bellenilýär. Bu senäni döretmek baradaky pikir ilkinji gezek 1992-nji ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen BMG-niň Daşky gurşawy goramak we ösdürmek baradaky maslahatynda (UNCED) orta atylypdy.
Suw — durmuşyň gözbaşy. Ol bütin adamzat üçin zerurdyr. Bir damja suwuň uly güýji bar, ol her bir janly-jandara gerekdir. Ýer ýüzüniň 70%-ini suw gurşap alýan hem bolsa, onuň 97,5%-i şor suwdur. Galan 2,5% süýji suwuň bolsa 68,7%-e golaýy buzluklarda we buzly gatlaklarda doňan halda saklanýar. Netije- -de, planetanyň jemi suw gorlarynyň diňe bir göterimi ynsanyýet üçin elýeterlidir. Häzirki wagtda 663 milliondan gowrak adamyň ýaşaýan ýeriniň golaýynda agyz suwy çeşmesi ýok, 2,2 milliard adam bolsa howpsuz suwdan peýdalanyp bilmeýär.
XX asyrda suw sarp edilişi 6 esse artdy we bu görkeziji ilatynyň ösüş depgininden iki esse köpdür. Ösen ýurtlarda süýji suw gorlarynyň 30%-e çenli bölegi suw akmalaryndaky näsazlyklar sebäpli ýitirilýär, käbir iri şäherlerde bolsa bu ýitgi 70%-e ýetip bilýär. Emma suw diňe bir teşneligi gandyrmagyň we saglygy saklamagyň guraly däldir. Suw serişdeleri ykdysady, durmuş we ynsanperwer ösüşiň ähli ugurlarynda örän uly ähmiýete eýedir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1993-nji ýylyň 22-nji fewralynda kabul edilen Kararnama esasynda, her ýylyň 22-nji marty Bütindünýä suw serişdeleriniň güni diýilip yglan edildi. BMG-niň Daşky gurşawy goramak we ösdürmek baradaky maslahatynyň tekliplerine laýyklykda bu sene 1993-nji ýyldan bäri bellenilip gelýär.
Döwletlere bu güni BMG-niň maslahatlaryny durmuşa geçirmäge we milli derejede anyk çäreleri amala aşyrmaga bagyşlamak maslahat berildi. Her ýyl BMG-niň edaralarynyň biri Bütindünýä suw serişdeleriniň gününiň çäreleriniň utgaşdyryjysy hökmünde bellenilýär we utgaşdyryjy komitetiň ýolbaşçylygynda täze mowzugyň öňe sürülmegi üçin jogap berýär.
22-nji mart suw serişdeleriniň daşky gurşawy we jemgyýetiň ösüşi üçin nähili möhümdigini adamzada ýatlatmak üçin üýtgeşik pursatdyr. Amaly tagallalar bu ugurdaky meselelere we olaryň çözgütlerine bolan düşünjäni has-da çuňlaşdyryp biler. Gowy netijeleri gazanmak üçin bolsa, diňe bir aýtmak däl, eýsem umumy maksadyň ugrunda jogapkärçilik alyp, anyk işleri bitirmek zerurdyr.
Maksat BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
30/03/2026
Galyndysyz durmuşyň bütindünýä güni
20/03/2026
Bütindünýä şygryýet güni
19/03/2026
HALKARA TOKAÝ GÜNI