Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / BMG-niň Aşgabatdaky Hemişelik wekilhanasynda ÝUNISEF-iň treningi geçirildi
    BMG-niň Aşgabatdaky Hemişelik wekilhanasynda ÝUNISEF-iň treningi geçirildi surady
    17/05/2025

    1177

    BMG-niň Aşgabatdaky Hemişelik wekilhanasynda ÝUNISEF-iň treningi geçirildi

    2025-nji ýylyň 12 ― 17-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) guramagynda Aşgabatdaky BMG-niň Hemişelik wekilhanasynda «Çagalary etiki tarapdan şöhlelendirmegiň soraglary» diýen tema boýunça trening geçirildi. Oňa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
    Abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli we ýokary derejede ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, tutuş Ýer ýüzünde çagalaryň hukuklaryny ilerletmek maksady bilen, 1946-njy ýylda döredilen ÝUNISEF häzirki wagtda dünýäniň 190-dan gowrak ýurdunda çagalaryňdyr ýaş raýatlaryň goraglylygyny, sagdynlygyny we bilimliligini üpjün etmek ugrunda iş alyp barýar.
    Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlyk öz gözbaşyny 1994-nji ýyldan alyp gaýdýar. Şol ýylda bu düzüm ýurdumyzda halkara guramalaryň ilkinjileriniň hatarynda öz wekilliginiň işini ýola goýdy. BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasy bolsa Garaşsyz döwlet hökmünde Türkmenistanyň adam hukuklary ulgamynda goşulan ilkinji resminamalarynyň biridir.
    Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha giňeýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2024 ― 2026-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlandy. Bu bolsa ÝUNISEF bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň güwäsidir. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk degişli Maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Şu gezekki geçirilen treningiň baş maksady hem çagalaryň saglygyny goramak, olaryň iýmitlenmegi, irki ösüşi, durmuş goraglylygy we ýokary hilli inklýuziw bilim almagy ýaly wezipeleri durmuşa geçirmekden, bu maksatlaryň ähmiýetini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmegi gazanmakdan ybaratdyr.

    Täzegül AÝAZOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    23/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «HALKARA ÇÄRELERDE ALYPBARYJYNYŇ USSATLYGY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY  GEÇIRILDI surady

    22/01/2026

    ÝAŞ HABARÇYLARA «SPORT ŽURNALISTINIŇ ERK ETMELI BAŞARNYKLARY» ATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    MEDIA TOPARYNYŇ NOBATDAKY OKUW SAPAGY surady

    21/01/2026

    MEDIA TOPARYNYŇ NOBATDAKY OKUW SAPAGY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI