04/12/2025
197
«ÇÄKSIZ DÜNÝÄ: HEMMELER ÜÇIN DEŇ MÜMKINÇILIK» ATLY INKLÝUZIW FESTIWALY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara maýyplar güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň, Ýaş alymlar geňeşi hem-de «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň guramagynda Aşgabat şäherindäki Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik mekdebinde «Çäksiz dünýä: hemmeler üçin deň mümkinçilik» atly inklýuziw festiwaly geçirildi.
Bu çärede mümkinçilikleri çäkli çagalar sahna çykyp, aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler, tans etdiler we döredijilik ukyplaryny görkezdiler. ÝUNESKO klubynyň, Ýaş alymlar geňeşiniň hem-de «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň agzalary hem sahnada çykyş edip, parahatçylyk medeniýetiniň ideýalaryny beýan etdiler.
Bu çäre diňe bir sungat we döredijilik bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetde deň mümkinçilikleri üpjün etmek, inklýuziýa ýörelgelerini berkitmek we çagalaryň sosial işjeňligini artdyrmak maksady bilen geçirildi. «Çäksiz dünýä: hemmeler üçin deň mümkinçilik» atly geçirilen bu festiwal jemgyýetimizde döredijilik, ynsanperwerlik we parahatçylyk medeniýeti ýörelgelerini berkitmekde we ýaş nesiller üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmekde möhüm we ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Çäräniň ahyrynda çagalara baýramçylyk sowgatlary hem berildi.
Alymuhammet ATDAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.