30/09/2026
44
BILIM ULGAMYNDA STEM USULYÝETINIŇ ÖSÜŞ UGURLARY BARADA MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň guramagynda «Bilim ulgamyna STEM usulyýetini ornaşdyrmagyň möhüm meseleleri we ösdürmegiň ugurlary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen birlikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplar ýaşlary hem onlaýn arkaly gatnaşdylar.
Maslahatyň umumy mejlisiniň maksatnamasynda STEM konsepsiýasynda emeli aň tehnologiýasynyň orny, ekonometrika dersini okatmakda STEM usulyýetiniň ulanylyşy, fizika tejribe sapaklarynda STEM çemeleşmesiniň ähmiýeti, STEM biliminiň pedagogik esaslary, himiki tejribeleriň talyplaryň döredijilik ukybyny ösdürmekdäki orny ýaly dürli ugurlara bagyşlanan çykyşlar edildi.
Şeýle hem maslahatda sanly ykdysadyýet şertlerinde zähmet bazarynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde STEM usulyýetini ornaşdyrmagyň möhüm ugurlary, STEM tehnologiýalary arkaly matematiki pikirlenişi kämilleşdirmek, emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak, STEM biliminde çylşyrymly taslamalary peýdalanmak ýaly ykdysadyýet, tehnologiýa we bilim bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy, emeli aňyň we innowasion tehnologiýalaryň ösmegi täzeçe pikirlenýän, ylmy-barlag we amaly başarnyklary ýokary derejede bolan hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, STEM usulyýetiniň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy talyplaryň we magistrantlaryň döredijilikli pikirlenişini, meseleleri çözmek ukybyny we amaly başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm ugurlaryň biri hökmünde çykyş edýär. Şeýle ylmy çäreleriň geçirilmegi ýaşlaryň häzirki zaman ykdysady we tehnologik ösüşler baradaky düşünjelerini giňeltmek, ylmy gözleglere bolan gyzyklanmasyny artdyrmak hem-de geljekki hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek üçin uly ähmiýete eýedir.
Maslahatda dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we magistrantlarynyň ylmy çykyşlary diňlenildi. Bu bolsa STEM usulyýetiniň bilim ulgamynyň dürli ugurlarynda giňden ulanylýandygyny we onuň häzirki zaman biliminiň möhüm ugurlarynyň birine öwrülýändigini görkezýär. Şeýle-de, ylym öwrenmäge, okamaga, döretmäge döredijilik zehinimizi açyp görkezmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Ähli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Hangeldi SARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl
talyby