28/04/2026
66
«BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Bu döredijilik bäsleşiginde Halkara gatnaşyklary fakultetinden Talyp Agamyradow, Halkara hukugy fakultetinden Kakamyrat Töräýew, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetinden Nurnepes Begjanow, Halkara žurnalistikasy fakultetinden Bäşim Permankulyýew dagy bäsleşdiler.
Bäsleşigiň birinji şerti boýunça talyp ýigitler özleriniň saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etdiler.
Ikinji şert boýunça talyp ýigitler öz başarnyklaryna görä, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilen baglanyşykly özleriniň sungata we döredijilige bolan ukyplaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň soňky şerti boýunça talyp ýigitler ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.
Emin agzalarynyň gelen netijesine görä, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Talyp Agamyradow «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň institut tapgyrynyň ýeňijisi diýip yglan edildi.
Muhammet SÜLEÝMANOW,
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy
institutyň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.
Soňky täzelikler