30/11/-0001
1486
BÄSLEŞIGIŇ JEMI JEMLENDI
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynyň guramagynda bäsleşik geçirildi. “Medeniýeti öwreniş” boýunça bilimlerini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen onlaýn ders bäsleşigine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Bäsleşikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby Arslan Syýahatow I orna mynasyp bolmagy başardy. Ýeňiji Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ýörite diplomy bilen sylaglandy.
Azym ÝANGIBAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
27/02/2026
BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
23/02/2026
“Ynsan syrdaşy” atly çeper filmi görkezildi
23/02/2026
TALYBYMYZ TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONY BOLDY