
60
Dünýäniň dostluk Diýary
Dünýäniň dostluk Diýary «Ýagşy niýet — ýarym döwlet», «Niýet — haýyr, akybet — haýyr» diýýän halkymyz haýyr-sahawaty, ak arzuwlary, ýagşy dilegleri asyrlarboýy özüne hemra edinip gelendir. Şonuň netijesinde ýurt parahatlygy, zemin abatlygy, çaga gülküsiniň belentden ýaňlanyp durmagy bu päkize arzuw-niýetleriň süýji wysalyna öwrüldi. Häli-häzirler hem toýa ýa üýşmeleňe barsaň, dilleri senaly ýaşulularymyzyň dogaýy gürrüňlerinden: «Ýurdumyz hemişe parahat, ilimiz aman bolsun!» diýen sözleri dowamly eşitmek bolýar. Aýdylanlardan görnüşi ýaly, parahatçylygy dünýädäki iň uly baýlyk hasaplaýan halkymyz müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynyň dowamynda dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerini ileri tutup, dünýä ýüzünde 70-den gowrak döwleti döreden milletdir. Şeýle beýik döwletleriň mirasdüşeri hökmünde häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanyp, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, asudalygyň hem-de abadançylygyň berkidilmegi ugrunda dünýäniň ençeme döwletdir halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Şoňa görä-de, parahatçylyk söýüjilikli ýurdumyzda umumadamzat ähmiýetli iri halkara forumlardyr maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şonda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljekdigi aýratyn bellärliklidir.
Dünýäde 30-dan gowrak deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwlet bar. Ol ýurtlar geografik ýerleşişi, ýagny dünýä ummanyna gönümel çykalgasynyň ýokdugy sebäpli, halkara söwda gatnaşyklaryny ilerletmek üçin üstaşyr döwletlere bil baglamaly bolýarlar. Bu bolsa harytlary daşamakda, dünýä bazarlaryna çykmakda, umuman, halkara ykdysady gatnaşyklarynda ulag diplomatiýasynyň ornuny has-da ýokarlandyrýar. Şu nukdaýnazardan garanyňda, hemişelik Bitarap Türkmenistan möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşendigi sebäpli, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bilen dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orna eýedir.
Taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde, iri kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşen Watanymyz häzirki wagtda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýük hem-de ýolagçy gatnawlaryny geçirmegiň howpsuzlygyny dolulylygyna kepillendirýär. Halkara ulag geçelgeleriniň ugrunda, amatly geografik ýerde ýerleşýän ýurdumyz ýükleri üstaşyr daşamakda, hususan-da, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy berkitmekde ägirt uly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň esasynda bu ugurdaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, ýurdumyzda döwrebap ulag infrastrukturalary döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda işe girizilen, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýakyn we Orta Gündogaryň, Hindi ummanynyň deňiz ýollary boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga doly mümkinçilik berýär. Deňiz derejesinden pes iň uly port hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen bu port, Merkezi Aziýany Ýewropa bilen deňiz, awtomobil we demir ýollary arkaly birleşdirýär. Şeýle-de döwletimiziň soňky ýyllarda ulag ulgamynda durmuşa geçirýän esasy taslamalarynyň biri bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň hem uzak aralyga ýükleriň çalt we bökdençsiz daşalmagynda iňňän uly ähmiýeti bardyr.
Ýokarda getirilen maglumatlardan hem görnüşi ýaly, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň kabul edilip, oňa laýyklykda, bu halkara maslahatyň şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi maksadalaýykdyr. Maslahata deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň hataryna girýän ýurtlaryň 32-siniň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, kiçi ada döwletleriniň 47-siniň, az ösen ýurtlaryň 49-synyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Häzirki wagtda bu iri maslahata ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylary türkmen myhmansöýerliginiň asylly däplerine laýyklykda garşylamak, çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmäge ýardam bermek, şeýle-de bu iri halkara maslahaty köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinden daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaş meýletinçiler hem-de ýaş wagyzçylar taýýarlanylýar. Meýilnamalaýyn esasda dürli ýokary okuw mekdeplerinde halypa mugallymlardyr hünärmenler deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geografik ýerleşişi, ykdysadyýeti, medeniýeti dogrusynda, galyberse-de, diplomatik etiketiň aýratynlyklary, oňa görä özüňi alyp barmagyň kadalary barada talyp ýaşlar bilen yzygiderli, tapgyrlaýyn okuw sapaklaryny guraýarlar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar» diýip buýsanç bilen belleýşi ýaly, bu halkara maslahatyň guramaçylyk işlerine zehinli ýaşlaryň çekilmegi, olaryň nazaryýetde alýan bilimlerini amalyýetde özleşdirmeklerine, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä derejesinde gazanýan üstünliklerine mynasyp goşantlaryny goşmaklaryna oňyn mümkinçilikleri döredýär. Döredilip berilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin bagtyýar ýaş nesiller Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Esger».
Çeşme: «Esger» gazeti, 19.06.2025 ý.