05/06/2026
87
EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASY WE DURNUKLY GELJEK: 5-NJI IÝUN — DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
Häzirki wagtda ýer şarynda ýüzbe-ýüz bolunýan ekologik meseleler — global ýylylyk, biodürlüligiň ýitmegi, çölleşme we suw serişdeleriniň azalmagy halkara derejesinde çözülmeli iň wajyp wezipeleriň birine öwrüldi. Bu wezipeleriň çözgüdinde halkara bileleşigini birleşdirýän, ekologik aň-bilimi we jogapkärçiligi dabaralandyrýan iň esasy seneleriň biri hem 5-nji iýunda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä günüdir.
Bu halkara günüň taryhy 1972-nji ýylyň 5-nji iýunynda Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde BMG-niň daşky gurşawy goramak boýunça geçiren konferensiýasy bilen baglanyşyklydyr. Şol konferensiýada taryhda ilkinji gezek daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş meseleleri dünýä liderleriniň derejesinde ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň Baş Assambleýasy bu güni halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni ekologik wezipelere çekmegi, döwletleriň daşky gurşaw boýunça anyk syýasy çäreleri we milli maksatnamalary kabul etmeklerini amala aşyrmagy maksat edinýär.
Geografiki we howa şertleri sebäpli Merkezi Aziýa sebiti, aýratyn-da Türkmenistan howanyň üýtgemeginiň täsirlerine örän duýgurdyr. Çölleşme, Aral deňziniň meselesi we serhetüsti suw serişdelerini netijeli dolandyrylmagy ýaly meseleler daşky gurşawy goramak syýasatynyň özeni bolup durýar. Türkmenistan daşky gurşawy goramak bilen bagly halkara konwensiýalaryň, şol sanda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasynyň, BMG-niň biologiki köpdürlülik baradaky Konwensiýasynyň we BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş baradaky Konwensiýasynyň işjeň agzasydyr. Ýurdumyzda bu konwensiýalardan gelip çykýan esasy wezipeleri diňe bir milli çäreler bilen çäklenmän, eýsem anyk ekologiýa diplomatiýasynyň üsti bilen amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary aýawly saklamak ugrundaky tejribesi birnäçe uly göwrümli taslamalarda ýagny, milli tokaý maksatnamasynda, “Altyn Asyr” türkmen kölüniň taslamalarynda, Hazar deňziniň ekosistemasyny goramak boýunça Türkmenistanyň halkara derejesindäki esasy başlangyçlarynda, ýaşyl we sanly ykdysadyýet boýunça girizilen maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar.
5-nji iýun diňe bir edilen işleri jemlemek däl, eýsem geljekki anyk maksatlara badalga berýän senedir. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna, esasan hem oba hojalygyna suw tygşytlaýjy suwaryş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we sanlylaşdyrmak wajyp wezipeleriň biri hökmünde durýar.
Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni — her bir adamyň daşky gurşawy goramak boýunça jogapkärçiligini ýatladýan senedir. Tebigaty goramak diňe bir döwletleriň däl, eýsem geljekki nesillere arassa, ekologik taýdan durnukly dünýäni galdyrmak isleýän her bir şahsyň mukaddes borjudyr. Ekologik durnuklylyk — bu umumy abadançylygyň we parahatçylygyň kepilidir.
Mähriban BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby