02/06/2026
65
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy
Häzirki wagtda daşky gurşawy goramak, ekologik medeniýeti kemala getirmek we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini durnukly ösdürmek halkara bileleşiginiň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen we her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni uly ähmiýete eýedir. Welosiped — tebigat bilen ynsanyň, gözellik bilen sagdynlygyň arasyndaky sazlaşyk. Welosiped diňe bir elýeterli we ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesi bolman, eýsem, adamyň fiziki sagdynlygyny berkidýän, daşky gurşawa zyýanly galyndylaryň bölünip çykmagyny azaltmaga ýardam edýän kämil oýlap tapyşdyr. Ýurdumyzda bu halkara baýram giň gerimli welosipedli ýörişler bilen utgaşdyrylyp, ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçilýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, eziz Diýarymyzda bu halkara baýram bütindünýä bileleşigi bilen birlikde, ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Bütindünýä welosiped gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ata Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýär. Olara daşary ýurtly wekilleriň işjeň gatnaşmagy «Sport arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşmagyna ýardam edýär.
Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň sport diplomatiýasy döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugur sporty halkara derejede ösdürmegi, ýurtlaryň we halklaryň arasynda parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy maksat edinýär. Ýurdumyz iri halkara ýaryşlary, köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamakda sportuň diplomatik mümkinçiliklerini netijeli ulanýan döwlet hökmünde ykrar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligini sagdyn ýaşaýşa çagyrmakdaky, döwletleriň arasynda ekologik abadançylygy wagyz etmekdäki möhüm ädimleri boldy.
Mundan başga-da, 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna 3246 adam gatnaşdy we «Guinness World Reсords» kompaniýasy tarapyndan bellige alnyp, «Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak» güwänamasy bilen tassyklanyldy. 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda bolsa Olimpiýa şäherçesinde täze dünýä rekordy — bir hatar boýunça iň dowamly welosipedli ýörişiň guralmagynyň rekordy goýuldy. Çünki biri-biri bilen belli bir aralykdan bir hatara düzülen 2019 welosipedçi degişli aralygy saklamak bilen, Olimpiýa şäherçesinden 3300 metr aralygy geçdi. Bu waka «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş» hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna ýazyldy.
Ylmy barlaglaryň tassyklaýşy ýaly, welosiped sürlende bedene kadaly agram salynmagy esasynda adamyň çydamlylygy, işe ukyplylygy ýokarlanýar, beden bogunlary we myşsalar, nerw ulgamy berkeýär. Welosport, welosipedli gezelençler gan basyşynyň kadalaşmagyna, ýürek-damar we beýleki keselleriň töwekgelçiliginiň peselmegine ýardam berýär. Welosiped sürmek bedeniň madda çalşygyny gowulandyrýar, onuň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar, uzak wagtlyk şähdaçyklyk eçilýär. Aýaklaryň yzygiderli hereketleri ganyň damarlarda doňup galmagynyň öňüni alýar. Munuň özi hereketleriň sazlaşygy üçin netijeli türgenleşik bolup, ünsüňi bir ýere jemlemäge mümkinçilik berýär.
Welosport bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmekde we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Amatly howa şertleri, ýurdumyzda bar bolan degişli infrastruktura welosport boýunça ýaryşlary hem-de türgenleşikleri tutuş ýylyň dowamynda diýen ýaly geçirmäge mümkinçilik berýär. Welosipedli ýörişler dünýäniň köp ýurtlarynda dürli durmuş, sport, ekologik taslamalary goldamak üçin geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermegi esasynda ýurdumyzda sportuň bu görnüşi işjeň ösdürilýär, ilat arasynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň tarapdarlaryny artdyrmak üçin tagallalar edilýär.
Jemläp aýdanyňda, welosiped diňe bir çagalyk guraly ýa-da dynç alyş serişdesi bolman, ol biziň daşky gurşawymyzyň ekologik durnuklylygyna goşýan şahsy goşandymyzdyr. Şu nukdaýnazardan, 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni her birimize saglygymyzy berkitmäge, tebigaty aýamaga we durmuşa has işjeň gatnaşmaga çagyryşdyr. Tigirli ädimler bizi diňe bir menzillere däl, eýsem, sagdyn, arassa we bagtyýar geljege tarap alyp barýar. Şonuň üçin hem, geliň, sagdynlygyň we gözelligiň simwoly bolan welosipedleri durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwreliň!
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Nesil».
Çeşme: "Nesil" gazeti 02.06.2026 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/238555