19/03/2026
80
‹‹PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY›› V MÖWSÜMIŇ VII SAÝLAMA OÝNY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda ‹‹Parahatçylygyň ýaş çaparlary›› akyl-paýhas bäsleşiginiň ‹‹Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan-parahatçylyk syýasatynyň hem-de özara ynanyşmak dialogynyň merkezi›› atly şygar bilen V möwsümiň VII oýnunyň 2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde ‹‹Ýagty geljege barýan, Arkadagly Gahryman Serdarly ýaşlar!›› temasy boýunça geçirilýändigini mälim edýäris.