1190
BÜTINDÜNÝÄ FILOSOFIÝA GÜNI
Her ýylyň noýabr aýynyň üçünji penşenbesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň baýramçylyk senenamasynda Bütindünýä filosofiýa güni bellenilýär. Bu özboluşly gün her bir medeniýetiň hem-de her bir adamyň düşünjeleriniň ösdürilmeginde filosofiýanyň ähmiýetiniň we ornunyň gymmatlydygyny görkezmek maksady bilen bellenilýär.
Bu güni döretmek başlangyjy ÝUNESKO degişlidir. 2002-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda, onuň düzümlerinde we dünýäniň ençeme ýerinde Bütindünýä filosofiýa gününe bagyşlanyp dürli çäreler geçirilýär. 2005-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 33-nji mejlisinde Bütindünýä filosofiýa gününi döretmek baradaky çözgüt kabul edildi.
Häzirki günde Bütindünýä filosofiýa güni ÝUNESKO-nyň agza ýurtlarynyň 70-den gowragynda bellenilýär. Bu günüň maksady adam pikiriniň ösmegi üçin pelsepäniň dowamly gymmadyna ünsi çekmekden ybaratdyr.
Filosofiýa dürli ugurlarda emele gelip, birek-biregiň üstüni ýetirýär. Häzirki wagtda filosofiýa dürli ugurlary öz içine alýar. Ýagny metafizika, epistemologiýa, etika, estetika, jemgyýetçilik, syýasy we ylym pelsepeleridir.
Filosofiýa sözi gadymy grek filosoflaryň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Meşhur filolog we taryhçy German Dilsiň bellemegine görä, filosofiýa sözüniň ulanylýan döwri taryhçylar Gerodotuň we Fukididanyň döwürlerine baryp ýetýär.
Häzirki wagtda türkmen dilinde hem ulanýan filosofiýa adalgasy grek dilinde «philosophia» sözünden gelip çykýar. Filosofiýa «philosophia-nyň» rus dilinde ulanylýan görnüşidir. Tükmen dilinde bolsa arap diliniň üsti bilen gelip ýeten «pelsepe”, «felsefe» görnüşine eýe bolupdyr. «Philosophia» iki sany sözden emele gelip, iki aýratyn manyny bildirýän adalgalardan ýasalypdyr, ýagny bu adalga «philia» bilen «sophiadan» emele gelipdir. Birinjisi söýgi, ikinjisi paýhas giň manysynda bolsa bilim, akyl ýetiriş, «philosophia» bilimi söýmek diýmekligi alamatlandyrýar. Alymlaryň aýtmagyna görä «philosophia» adalgasyny ilkinji bolup Pifagor ulanypdyr. Pifagor özüne «philosophos» (filosof) diýipdir.
Filosofiýa diňe bir özüne çekiji ylmy düzgün däl, eýsem, jemgyýetleri özgertmek ukybyna eýe bolan gündelik durmuşyň amalydyr. Dünýäde bar bolan intellektual akymlaryň dürlüligi bilen tanyşmak, pelsepe medeniýetleriň gepleşiklerine goşant goşýar. Oýlanmaga we konstruktiw pikir alyşmaga bolan gyzyklanmany höweslendirip, çydamlylyk we hormat ýörelgelerine has gowy hormat goýulýan jemgyýetiň döremegine goşant goşýar. Şeýlelik bilen, pelsepe döwrümiziň esasy meselelerine düşünmäge, olara jogap bermäge kömek edýär, şeýle hem üýtgeşmeleri amala aşyrmak üçin zerur şertleri döredýär.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.
Latest News
03/12/2025
MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
21/11/2025
WORLD TELEVISION DAY
19/11/2025
20-nji noýabr – Bütindünýä çaga güni