Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
        • INTERNATIONAL CONFERENCE IN THE CONTEXT OF THE BELT AND ROAD INITIATIVE
      • Ambassadors' lectures
        • TRAINING SESSION HELD BY AN AMBASSADOR EXTRAORDINARY AND PLENIPOTENTIARY OF MALAYSIA TO TURKMENISTAN
      • International days
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
        • A SESSION WITH MEMBERS OF THE SCHOOL OF YOUNG DIPLOMATS WAS HELD
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / International days / 23-NJI APREL –BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI
    23-NJI APREL –BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY  GÜNI surady
    23/04/2025

    1405

    23-NJI APREL –BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI

    Her ýylyň 23-nji apreli dünýäniň dürli künjeklerinde Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni hökmünde bellenilýär. Bu sene kitaplaryň, awtorlaryň  ähmiýetini giň jemgyýete ýetirmek maksady bilen, ÝUNESKO tarapyndan 1995-nji ýylda resmi taýdan yglan edilýär.
    Bu gün  ýaş nesli okamak we döredijilik endigine höweslendirmek üçin giň mümkinçilik döredýär. Kitap diňe bir maglumat çeşmesi bolman, eýsem adamyň dünýägaraýşyny giňeldýän, pikirleniş ukybyny ösdürýän hem-de ruhy taýdan kämilleşdirýän möhüm serişde bolup durýar.
    23-nji aprel gününiň saýlanyşynyň sebäbi bolsa, bu gün meşhur ispan ýazyjysy Migel de Serwantesiň, beýik iňlis dramaturgy William Şekspiriň, şeýle-de fransuz ýazyjysy Inka Garsilaso de la Weganyň aradan çykan güni bilen baglydyr. ÝUNESKO bu senä aýratyn ähmiýet beryär. 1-nji aprelden 23- nji aprel aralygynda Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy gününiň çäginde kitabyň ähmiýetini görkezmek üçin dürli çäreler geçirilýär. 2025-nji ýylyň 23- nji aprelinde Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni Rio-de Žaneýro şäherinde geçirilýär.
    Bu baýramçylyk kitap söýüjiler, awtorlar we neşirýatçylar  üçin baýramçylyk günüdir. Dünýäniň köp ýurtlarynda bu gün kitap sergileri we awtorlar bilen duşuşyklar  geçirilýär. Şeýle çäreler halkyň kitaba bolan höwesini artdyrmak bilen bir hatarda döredijilikli pikirleriň ýaýramagyna-da giň mümkinçilik berýär.
    Awtorlyk hukugy bolsa döredijilik zähmetiniň goragçysydyr. Awtorlaryň döredýän eserleri olaryň eýeçiligindedir we bu hukuk olaryň ykdysady hem-de ruhy bähbitlerini goramaga mümkinçilik berýär. Awtorlyk hukugy döredijilere täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar, sebäbi olaryň zähmeti kanun taýdan gorag astyndadyr.
    Netijede, 23-nji aprel diňe bir kitaplary dabaralandyrýan gün bolman, eýsem döredijilige, medeniýete we pikir azatlygyna hormat goýulýan global baýramçylykdyr. Her bir adam üçin kitap okamak diňe bir höwes däl, eýsem ösüşe tarap ädilen möhüm ädimdir.

    Allaberdi MAMMEDOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Latest News

    MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI surady

    03/12/2025

    MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
    WORLD TELEVISION DAY surady

    21/11/2025

    WORLD TELEVISION DAY
    BÜTINDÜNÝÄ FILOSOFIÝA GÜNI surady

    20/11/2025

    BÜTINDÜNÝÄ FILOSOFIÝA GÜNI
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI