
30/11/-0001
714
Ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat
2023-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Aşgabatdaky Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda «Ýaşlar syýasaty: belent maksatlar, aýdyň wezipeler» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmen döwlet neşirýat gullugyna degişli bolan düzümleriň wekilleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň žurnalistika hünärinde bilim alýan talyp ýaşlary, şeýle-de sungat işgärleri gatnaşdylar.
Ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahatda «Nesil», «Bereketli toprak» gazetleriniň, «Standart, hil we howpsuzlyk» žurnalynyň baş redaktorlary, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy hem-de talyplary, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň hünärmeni, «Milli goşun» žurnalynyň, «Salam News» internet saýtynyň habarçylary çykyş etdiler.
Şatlyk-şowhuna beslenen maslahatda çykyş edenler Watanymyzyň şu güni, geljegi hasaplanýan ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, öz saýlap alan hünärlerinden ýokary derejede baş çykarýan kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän mümkinçilikler dogrusynda buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle-de 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi diňe bir ýurdumyzyň ýaşlarynyň däl, eýsem, ähli ildeşlerimiziň şatlygyna-şatlyk, buýsanjyna-buýsanç goşan taryhy waka öwrülendigini bellediler.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdy.
Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.