Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
        • «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
        • Дигитализация и AI как драйвер ускорения на треке Центральная Азия – Республика Корея
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • “Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Ýaş alymlar geňeşi / «Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda ýaş alymlaryň ylmy gadamlary» atly forum geçirildi
    «Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda ýaş alymlaryň ylmy gadamlary» atly forum geçirildi surady
    16/03/2023

    1383

    «Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda ýaş alymlaryň ylmy gadamlary» atly forum geçirildi

    2023-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda «Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda ýaş alymlaryň ylmy gadamlary» atly halkara onlaýn forumy geçirildi. Oňa daşary ýurtly wekiller, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň proffesor mugallymlary, aspirantlary, ýaş alymlary, talyp-ýaşlary, şeýle hem biziň Halkara gatnaşyklary instutymyzyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymlary A. Omarowa, I. Ýakubow, Žurnalistikanyň amalyýeti we nazaryýeti kafedrasynyň mugallymy J. Pürjäýewa gatnaşdylar.

    Forumyň barşynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň Baştutany J. MakGregor, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň Hemişelik wekili D. Şlapaçenko hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyň rektory N. Kulyýew çykyş edip, halkara giňişliginde we ýurdumyzda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda ýaş alymlaryň ylmy gadamlarynyň uly ähmiýete eýe bolýandygyny nygtadylar. Çykyş edenleriň aýtmaklaryna görä, Türkmenistanda ykdysadyýete sanlylaşdyrmakda, bu işe ýaşlary çekmekde önjeýli işler durmuşa geçirilýär.

    Forumyň soňunda oňa ýurdumyzdan gatnaşyjylar ata Watanymyz Türkmenistanda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda, ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, ýaşlara geljegi gurujylar hökmünde ýokary ynam bildirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.


    Aýjan OMAROWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy

    Soňky täzelikler

    Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi surady

    29/05/2025

    Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    21/05/2025

    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    «DIPLOMATIÝA — SUNGAT» ATLY YLMY SEMINAR GEÇIRILDI surady

    12/03/2025

    «DIPLOMATIÝA — SUNGAT» ATLY YLMY SEMINAR GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI