Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • ÝEWROPA HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK GEŇEŞINIŇ DOLANDYRYJY DIREKTORY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • DIPLOMATIÝA ÝOLUNDA HALKARA TEJRIBE
      • Ilçileriň leksiýalary
        • Täsirli duşuşyk
      • Halkara günler
        • INTERNATIONAL DAY OF THE ARABIC LANGUAGE
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Китайско-туркменский народный диалог: созвучие идей Нейтралитета и Сообщества единой судьбы
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / «Ýaşlaryň ruhy taýdan sagdynlygy – geljegiň daýanjy» atly wagyz-nesihat duşuşygy
    «Ýaşlaryň ruhy taýdan sagdynlygy – geljegiň daýanjy» atly wagyz-nesihat duşuşygy surady
    25/02/2022

    1147

    «Ýaşlaryň ruhy taýdan sagdynlygy – geljegiň daýanjy» atly wagyz-nesihat duşuşygy

    2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ýaşlaryň ruhy taýdan sagdynlygy – geljegiň daýanjy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň wekili, Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýüniň lukmany, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Psihologiýa kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni, Aşgabat şäheriniň il sylagly ýaşululary, mährem eneleri hem-de institutyň talyp ýaşlary gatnaşdy. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly, bilimli bolmagyny gazanmak, olarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerini terbiýelemek maksady bilen geçirilen duşuşyk täsirliligi bilen tapawutlandy.

    Duşuşykda çykyş edenler ýaşlarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, zyýanly endiklerden daşda durmak barada durmuşdan alnan mysallaryň üsti bilen gürrüň berdiler. Şeýle hem, talyplaryň gowy şertlerde dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi medeniýetli alyp barmagyň kada-kanunlary, düzgünleri barada aýdyldy. Ýurdumyzda ýaşlaryň berk bedenli, zähmetsöýer, ahlak taýdan arassa, sagdyn ruhly nesiller bolup ýetişmekligi üçin alnyp barylýan giň mümkinçilikler dogrusynda hem aýratyn bellenilip geçildi.

    Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenleriň her biri ýaşlaryň ylymly, bilimli, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda uly şertleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

    Kyýat ILAMANOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy surady

    07/12/2025

    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
    Ýurdumyzda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi surady

    08/11/2025

    Ýurdumyzda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi
    BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 80 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MASLAHAT surady

    23/10/2025

    BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 80 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MASLAHAT
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI