Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • “BIR GUŞAK, BIR ÝOL” BAŞLANGYJYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE HARBIN TEHNOLOGIÝALAR INSTITUTYNDA GEÇIRILEN HALKARA YLMY MASLAHATY
      • Ilçileriň leksiýalary
        • IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK HAS-DA BERKIDILÝÄR
      • Halkara günler
        • MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • ÝAŞ DIPLOMATLAR MEKDEBINIŇ AGZALARY BILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Halypa diplomat bilen açyk sapak geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde
    «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde surady
    21/12/2024

    2001

    «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

    Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar. Şu jähetden, 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döwlet Baştutanymyzyň bu eseriniň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.
    Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we ýaş nesiller üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Şoňa görä-de, tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary-da çagyryldy.
    Nygtalyşy ýaly, özara hoşniýetli erk-islegiň netijesinde döwletara dialog täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ynsanperwer ulgam däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde çykyş edýär. Şunda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesi we uly mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyň ýapon dilindäki neşiri «Günüň dogýan ýurdunyň» okyjylaryna ýaş nesil hakyndaky hemmetaraplaýyn aladalara aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berer.
    Çykyşlarda bilim ulgamynda soňky ýyllarda täze ösüşe we mazmuna eýe bolýan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň öňdebaryjy bilim ojaklarynyň arasynda ýola goýlan ýakyn gatnaşyklar muňa aýdyň mysaldyr. Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň käbirinde ýapon diliniň öwredilýändigi bellärliklidir.
    Umuman, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon diline terjime edilmegi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm wakadyr.

    «Nesil».
    Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/175693

    Soňky täzelikler

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY surady

    03/12/2025

    INTERNATIONAL VOLUNTEER DAY
    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar surady

    02/12/2025

    Ýokary hünär taýýarlygy tejribeden başlanýar
    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy surady

    29/11/2025

    Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI