25/02/2026
58
ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda boýunça Hemișelik sekretary jenap Albert Çimbindiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň çäklerinde okuw sapagy geçirildi. Oňa Zimbabwe Respublikasynyň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Okuw sapagynyň dowamynda jenap Albert Çimbindi Zimbabweniň daşary syýasat ugrunyň ileri tutýan ugurlary, Afrika birleşiginiň çäklerindäki hyzmatdaşlyk we häzirki zaman dünýä syýasatynda ösüp gelýän döwletleriň orny barada giňişleýin durup geçdi. Myhman öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň diňe bir sebitde däl, eýsem dünýä möçberinde parahatçylygy we durnuklylygy saklamakdaky ähmiýetine ýokary baha berdi. Şeýle hem, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada belledi.
Sapak diňe çykyşlardan ybarat bolman, eýsem söhbetdeşlik häsiýetine hem eýe boldy. Institutyň geljekki diplomatlary Zimbabwe Respublikasynyň wekillerine Afrika yklymyndaky ykdysady ösüşler, söwda gatnaşyklary we halkara guramalaryň çäklerindäki bilelikdäki işler barada özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler. Wekiller talyplaryň bilim derejesine we dünýä syýasatyna bolan täzeçil garaýyşlaryna ýokary baha berip, bilim ulgamyndaky tejribe alyşmalaryň iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky dostluk köprülerini has-da berkitjekdigini bellediler.
Duşuşykdan soň institut boýunça tanyşlyk geçirildi. Myhmanlar türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi bilen tanyşdyryldy. Bu gezelenç hormatly myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Bu çäre Türkmenistanyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň we Afrika yklymy bilen gatnaşyklary täze, hili taýdan ýokary derejä çykarmak ugrundaky yzygiderli tagallalarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.