20/02/2026
49
DIPLOMATIÝA — YNAMYŇ WE PAÝHASYŇ BEÝIK SUNGATY
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Parahatçylyga hem-de birek-birege ynanyşmaga esaslanýan halkara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesine hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly sözlerine eýerýän agzybir halkymyz, bu gün parahat we abadan durmuşyň hözirini görýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz özüniň milli syýasaty hem-de diplomatiýasy bilen dünýä ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň merkezi hökmünde ykrar edilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem bu asylly ýörelgeleriň halkara derejesindäki nobatdaky dabaralanmasydyr. Häzirki bagtyýar zamanada, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni uly dabaralara beslenip bellenilýär. 2009-njy ýylda döredilen bu hünär baýramynyň 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly, at-myradyň mekany» şygary astynda bellenilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Bu dabaralar ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen möhüm ösüş maksatnamalarynyň aýdyň beýanydyr.
Döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmakda, halkara giňişlikde Watanymyzyň bähbitlerini goramakda diplomatiýa iň wajyp gural bolup hyzmat edýär. Türkmen diplomatlary öz öňlerinde goýlan belent wezipeleri bir kemsiz ýerine ýetirip, milli, sebit we dünýä ähmiýetli işleri üstünlikli durmuşa geçirýärler. Türkmen diplomatiýasy häzirki zamanyň dartgynlyklaryny we gapma-garşylyklaryny çözmekde parahatçylykly, ylalaşykly we konstruktiw çözgütleri öňe sürmekde möhüm orny eýeleýär.
Häzirki wagtda halkara gatnaşyklaryň täze binýady diplomatiýanyň usullaryna we wezipelerine düýpli täsirini ýetirýär. Dünýä syýasatyndaky özgerişler diplomatiýanyň ornuny hem-de parahatçylygy üpjün etmekdäki ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu bolsa diplomatiýanyň diňe bir döwletleri birleşdirýän paýhas däl-de, eýsem ynamy kemala getirýän beýik sungatdygyny tassyklaýar. Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistan türkmen diplomatiýasynyň wezipelerini hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, dünýä giňişliginde özboluşly diplomatiýa ýoluny kemala getirdi.
Dünýäde dürli dartgynlyklaryň ýüze çykýan häzirki döwründe, Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan deňhukukly, dostlukly we parahatçylyksöýüjilikli gatnaşyklary ählumumy nusga bolup hyzmat edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we abadançylygyň mekany hökmünde ykrar edilmegi ýöne ýerden däldir. Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy bilen, ýurdumyz iri parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki ornuny dünýä jemgyýetçiliginde has-da berkitdi.
Öňüni alyş diplomatiýasy halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy guralydyr. Bu diplomatiýa döwletleriň arasyndaky düşünişmezlikleriň we ýüze çykýan çaknyşyklaryň parahatçylyga howp salýan ýagdaýa öwrülmeginiň öňüni almagy, meseleleri özara düşünişmek hem-de konstruktiw gepleşikler arkaly çözmegi maksat edinýär. Hut şonuň üçin hem, Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň döredilmeginiň ähmiýeti örän ýokarydyr.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasatyna, döwletara gatnaşyklaryň parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik we umumadamzat bähbitli ýörelgeler esasynda ösdürilmegine, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna we halkara borçnamalaryna yzygiderli eýermegi iş ýüzünde aýdyň netijelerini berýär.
Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özenini düzýär. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakda gazanýan uly üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki we umumadamzat ösüşine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakdaky adalatly syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar.
Parahatçylygyň islendik jemgyýet üçin ähmiýeti jedelsizdir. Parahatçylyk bolmasa, hiç bir millet we hiç bir ynsan ösüş ýoluna düşüp bilmez. Diňe asuda we parahat şertlerde adamzat has belent sepgitlere ýetmäge ukyplydyr. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy — dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Parahatçylyk — munuň özi sazlaşykly ýaşaýyşdyr» [1, 103 s.] hem-de «Iň uly baýlyk — parahatçylyk» [1, 211 s.] diýip bellemek bilen, bu gymmatlygyň türkmen halkynyň parahat hem-de asuda durmuşda zähmet çekip ýaşamagynyň esasy şertidigini çuň manyly sözler arkaly şöhlelendirýär.
Häzirki günlerde Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolup, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygary baýdak edinýär. Ýurdumyz parahatçylyga, dostluk-doganlyga hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan täze ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar.
Çemen BAÝRYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň
uly mugallymy.