26/02/2026
83
«DIPLOMATIK PROTOKOL» ATLY ÝÖRITELEŞDIRILEN OKUW MERKEZINIŇ DIŇLEÝJILERINE ŞAHADATNAMALAR GOWŞURYLDY
2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň nobatdaky gysga wagtlaýyn okuwlaryny üstünlikli tamamlan hünärmenlere ýörite şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi. Şahadatnamalar «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň nobatdaky tapgyrynyň diňleýjileri bolan ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda we halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynda zähmet çekýän diplomatlara, hünärmenlere gowşuryldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň işjeň daşary syýasaty alyp barýandygynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hünärmenleriniň taýýarlanylmagy boýunça kabul edilen wajyp çözgütleriň oňyn netijeleri berýändiginiň nobatdaky aýdyň beýanydyr.
«Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň okuwyny üstünlikli tamamlan hünärmenlere ýörite şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Merkeziň okuw sapaklaryny ýurdumyzyň diplomatik gullugynda uzak ýyllap zähmet çeken tejribeli diplomatlar, institutyň professor-mugallymlary geçirdiler. Merkeziň diňleýjileri ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Dünýä giňişliginde ýurdumyzyň bähbitlerine wekilçilik edip bilýän ýokary hünär derejeli diplomatik işgärleri halkara standartlaryna laýyklykda taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň hereket etmegi Türkmenistanyň bu öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag we intellektual mümkinçiliklerini artdyrýar. Ýeri gelende bellesek, bu ýöriteleşdirilen okuw merkezi 2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününde dabaraly ýagdaýda açyldy.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.