05/10/2026
53
DIPLOMATIK PROTOKOL BOÝUNÇA GYSGA MÖHLETLI OKUWLARYŇ NOBATDAKY TAPGYRY BAŞLADY
2026-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Diplomatik protokol» ýöriteleşdirilen okuw merkezinde gysga möhletli okuwlaryň nobatdaky tapgyry başlady.
Okuw sapaklarynda diplomatik protokolyň ýörelgelerine we halkara etiketiniň kadalaryna aýratyn üns berler. Şeýle hem resmi saparlar, duşuşyklar hem-de halkara çärelerini guramagyň aýratynlyklary, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň daşary syýasatdaky orny bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Sapaklary diplomatiýa ulgamynda baý tejribe toplan hünärmenler hem-de institutyň professor-mugallymlary alyp bararlar. Nazary bilimleriň amaly mysallar bilen utgaşdyrylmagy diňleýjilere protokol kadalaryny iş tejribesinde dogry ulanmagy, resmi gatnaşyklarda salyhatlylyk ýörelgelerini berjaý etmegi öwrenmäge mümkinçilik berer.
Okuwlaryň geçirilmegi ýurdumyzyň protokol gullugynyň işini döwrebaplaşdyrmak, hünärmenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň dowamynda geçirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda ähmiýetlidir. Bu ugurdaky taýýarlyk diplomatik işiň netijeliligini artdyrmaga ýardam eder.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň ýaly okuwlar Türkmenistanyň parahatçylyga, özara ynanyşmaga we hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatyny durmuşa geçirýän hünärmenleriň bilimlerini baýlaşdyrmaga hyzmat edýär.
Aýlar ORAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby