1784
«Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynda ýaşlaryň döredijilik duşuşygy
2023-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynyň guramagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa gurnagyň ylym iş alyp barýan agzalary we mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda mekdep okuwçylar «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynyň maksady, onuň çägindäki «Umman» kitaphanasy, žurnalistikanyň muzeýi, şeýle-de «Ýaş diplomatyň sesi» elektron, okuw-önümçilik gazetiniň redaksiýasy, «Žurnalistiň sesi» içki talyplar radioýaýlymy we okuw studiýasy bilen tanyşdylar. Şeýle-de ylym iş alyp baryan gurnagyň agzalary bilen ylmyň inçe syrlary barada pikir alyşdyrlar.
Merjen AŞYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy faultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
13/06/2026
UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
10/06/2026
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi