13/11/2026
56
«ÝAŞ YKDYSATÇYLAR» YLMY GURNAGYNYŇ AGZALARYNYŇ NOBATDAKY DUŞUŞYGY
2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň «Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Oňa gurnagyň agzalary gatnaşyp, özleriniň alyp barýan ylmy işleri hem-de «Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň ýanyndaky höwesjeň talyplaryň «Ewrika» atly tegelek stoluny gurnamak boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Hojanýaz Guwanjow, Myrat Maksadow, Merjen Nuryýewa, Medine Jeýhunowa, Elmira Gylyjowa öz çykyşlarynda duşuşyga gatnaşyjylary täze gurnaljak tegelek stoluň ady bilen tanyş etdiler hem-de «Ewrika» atly tegelek stol duşuşygynda erkin pikir alyşmagyna, öz garaýyşlaryny teklip etmeklerini bellediler. Soňra çykyş eden talyplar «Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň ýanyndaky höwesjeň talyplaryň «Ewrika» atly tegelek stoluň esasy maksadynyň talyplarda kitap okamaga, ylma we bilime goşmaça höwes döretmekliginiň üstünde giňişleýin durup geçdiler.
Duşuşygyň dowamynda kafedranyň halypa mugallymy Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty, Öwezmyrat Bäşimow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ylmyň we bilimiň jemgyýetdäki orny baradaky maglumatlary anyk mysallar bilen gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi. Şeýle-de ol talyplaryň beren soraglaryna öz iş tejribesinde duş gelen ýagdaýlara esaslanyp jogap berdi.
Hojanýaz GUWANJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby