Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
        • 2026-NJY ÝYLDA YLMYŇ UGURLARY BOÝUNÇA ASPIRANTURA, DOKTORANTURA KABUL EDILJEK ASPIRANTLARYŇ, DOKTORANTLARYŇ HEM-DE ALYMLYK DEREJELERINE DALAŞGÄRLIGE HASABA ALYNJAK DALAŞGÄRLERIŇ SANY BARADA MAGLUMAT
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYK
        • Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory bilen duşuşdy
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇINIŇ GATNAŞMAGYNDA UMUMY SAPAK GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • Diplomatik protokol boýunça gysga möhletli okuwlar başlady
    • Media
    Esasy / Çäreler / Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi
    Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi surady
    30/11/-0001

    1145

    Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi

    2022-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Milli Geňeşi, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, Türkmenistanyň Adalat ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň Konstitusiýasy adamyň we raýatyň hukuklaryny azatlyklaryny goramagyň we durmuşa geçirmegiň hukuk esaslary» ady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
    Geçirilen dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy Babajyk Babajykow alyp bardy we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy Jeýhun Igdirow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Kerimguly Geldiýew, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nurjemal Baýramowa, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň wekili Nurbike Amanowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni Umyda Kakaýewa hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Merjen Gurbannazarowa bilen institutyň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Beggeldi Gutlyýew dagylar çykyş etdiler.
    Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň mundan 30 ýyl ozal kabul edilen Konstitusiýasy diňe bir Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň esasy ugurlary kesgitlendi. Döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň agzybirlik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk hem-de adalatlylyk baradaky arzuwlarynyň beýany bolup durýar.
    Ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwlet gurluşynyň iň gowy milli we dünýä tejribesini, umumadamzat gymmatlyklarynyň ýörelgelerini özünde jemläp, öz esasy aýratynlyklaryny saklamak bilen bir hatarda, çeýe hukuk guraly bolup durýar, döwrüň talaplaryny hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny hasaba almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýär.
    Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň esasy ýörelgesini äşgär açyp görkezýän «Döwlet adam üçindir!» atly şygar doly derejede berkidilendir. Adamy goramak we goldamak, oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň möhüm wezipeleridir. Bu örän möhüm konstitusion kada öz wagtynda Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary baradaky bölümine üýtgetmeleri girizmegiň binýady bolup hyzmat etdi.
    Maslahatyň dowamynda institutyň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan şowhunly aýdymdyr sazlar dabara gatnaşyjylaryň göwünlerini has hem galkyndyrdy.
    Çärä gatnaşanlar il bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan parasatly syýasaty üçin hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

    Merjen GURBANNAZAROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
    öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasynda ýerleşýän  «Bitaraplyk muzeýine» gezelenç surady

    29/12/2025

    «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasynda ýerleşýän «Bitaraplyk muzeýine» gezelenç
    Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi surady

    22/12/2025

    Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI