22/09/2022
1509
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahat
2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli “Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda daşary syýasatynda we diplomatiýasynda gazanan üstünlikleri” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary şeýle-de «Ýaş diplomatlar» mekdebiniň işjeň agzalary bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Maslahatyň umumy mejlisinde “Garaşsyzlykdan gözbaş alýan durmuş-ynsanperwer ösüşler we kanunçylygyň kämilleşdirilişi”, “Garaşsyzlyk ýyllaryň içinde bilim ulgamynyň ösüşi”, “Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary”, “Garaşsyzlyk – ýürekleriň buýsanjy” atly temalar boýunça çykyşlar edildi.
Ylmy-amaly maslahat öz işini “Garaşsyzlyk – milli diplomatiýany köpugurly ösdürmegiň gözbaşy”, “Garaşsyzlyk we milli demokratiýanyň kanunçylyk binýadynyň kemala gelmegi”, “Garaşsyzlyk ýyllarynda: milli ykdysadyýet ösüşiň täze ýoly bilen”, “Mukaddes Garaşsyzlyk – bagtyýarlyk döwrümiziň gözbaşy” atly bölümçelerde dowam etdirdi. Bölümçelerde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilişi, ýurdumyzyň ynsanperwerlik syýasatynyň dabaralanyşy, hukuk ulgamynyň ösüşi, milli kanunçylykda ýaşlaryň hukuk goraglylygynyň kepillendirmeleri, halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň kämilleşdirilişi hem-de Garaşsyzlyk döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýetilen sepgitleri barada köp sanly çykyşlar diňlenildi.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy.
Soňky täzelikler
13/06/2026
UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
10/06/2026
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi