13/11/2026
104
Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň wezipelerine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi
2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaşlaryň arasynda giňişleýin düşündiriş we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärä döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de beýleki degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri şeýle hem institutymyzyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy Enejan Ataýewa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili Toýly Abdullaýew, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazynyň kömekçisi Öwezgeldi Atageldiýew, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy Ýusup Odaýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň aýratyn tabşyryklar boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň podpolkownigi Juma Pygyýew, Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Hezreti Omar metjidiniň baş ymamy Çaryberdi Aşyrow, Talyplar saglyk öýüniň lukmany Bahar Abdullaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň başlygy Myrat Goşaýew dagylar öz çykyşlarynda ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, olaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekdi. Şeýle hem ýaşlaryň hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmakda we kanunçylyga hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde döwlet syýasatynyň ähmiýetini belledi.
Wagyz-nesihat çäresinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär taýdan kämilleşmegi, milli däp-dessurlara we ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarly bolmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi hem-de jemgyýetde mynasyp orun eýelemegi bilen bagly meseleler öz beýanyny tapdy.
Çäräniň ahyrynda ýaş nesliň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň hem-de degişli düzümleriň özara hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle çäreleriň ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine, hukuk we jemgyýetçilik düşünjeliliginiň ýokarlanmagyna, olaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere işjeň gatnaşmagyna ýardam berýändigi bellenildi.
Çynar NURJANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby