17/03/2026
59
TÜRKMEN-FRANSUZ GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz institutynyň täze direktory Winsent Lorensini bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga institutyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň dekany, Dünýä dilleri kafedrasynyň fransuz dili mugallymy, Fransuz institutynyň medeniýet meseleleri boýunça attaşesi we medeniýet işleri boýunça kömekçisi gatnaşdylar.
Netijeli häsiýetde geçen söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň 2025-nji ýylyň maýynda Fransiýa amala aşyran resmi saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara has hem güýçli itergi berendigi aýratyn bellenildi. Saparyň dowamynda Fransiýanyň Prezidenti bilen Ýeliseý köşgünde geçirilen gepleşikler strategik hyzmatdaşlykda, şol sanda medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda täze sahypany açdy.
Duşuşygyň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň okuw-usulyýet babatyndaky üstünliklerine we okuw prosesini kämilleşdirmek meselelerine hem garalyp geçildi. Myhmanlar institutyň mugallymynyň öňdebaryjy hünärmenler bilen awtordaşlykda taýýarlan ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleri üçin niýetlenen fransuz dilinden okuw kitaplary bilen tanyşdyryldy. Häzirki zaman halkara ülňülerine laýyk gelýän bu okuw gollanmalarynyň neşir edilmeginiň Türkmenistanyň dil syýasatyny durmuşa geçirmekde we mekdepleri ýokary hilli milli kitaplar bilen üpjün etmekde möhüm ädim bolandygy bellenilip geçildi.
Ara alnyp maslahatlaşylan esasy temalaryň biri hem şu ýyl «Hereketde bolmak» («En mouvement») şygary bilen geçirilýän «Frankofoniýa – 2026» bäsleşikleriniň jemleýji tapgyryny we ýeňijileri sylaglamak dabarasyny guramak meselesi boldy. Taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda aprel aýynda geçiriljek jemleýji tapgyryň tehniki we guramaçylyk meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bu çäräniň zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmakda hem-de Türkmenistanda fransuz dilini öwrenmegiň ähmiýetini artdyrmakda uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Myhmanlar türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň gurluşy bilen tanyşdyryldy. Institutyň binalar toplumynyň fransuz gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlandygy, fransuz diliniň ýokary okuw mekdebiniň esaslandyrylan okuw ýylyndan başlap okadylýandygy we 2022-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri institutda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly klubunyň üstünlikli iş alyp barýandygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda institutyň rektory uly hormat-sarpanyň hem-de bilim we medeniýet ulgamynda türkmen-fransuz gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ygrarlylygyň nyşany hökmünde myhmanlara ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy.
Ogulbeg GAZAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä
dilleri kafedrasynyň fransuz dili mugallymy.