13/07/2026
112
NETIJELI GEÇEN DUŞUŞYK
2026-njy ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň rektory Gülşat Ýusupowa bilen Liwiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işlerini wagtlaýyn ynanylan wekili Mahmud Hasanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýörite okuw sapaklaryny guramak, halkara tejribesini artdyrmak babatda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar.
Ikitaraplaýyn duşuşykdan soň hormatly myhman üçin institutyň çäginde hereket edýän türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýine we “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubyna bilelikdäki gezelenç guraldy. Bu duşuşyk we gezelenç hormatly myhmanda ýakymly täsir galdyrdy.
Merdan BERDINYÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy