Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
        • «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
        • Дигитализация и AI как драйвер ускорения на треке Центральная Азия – Республика Корея
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • “Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Geçirilen duşuşyklar / TEJRIBELI ILÇI BILEN SÖHBETDEŞLIK
    TEJRIBELI ILÇI BILEN SÖHBETDEŞLIK surady
    04/04/2022

    1099

    TEJRIBELI ILÇI BILEN SÖHBETDEŞLIK

    2022-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu S. Klimow bilen institutyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Maýa Orazowanyň alyp barmagynda gurnaldy.
    Duşuşygyň dowamynda ilçi diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ähli ugurlar boýunça uzak­möh­let­le­ýin we öza­ra bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Aýratyn-da, ilçi söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, amatly maýa goýum gurşawyny döretmäge, tehnologiýalar, innowasion ulgamlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge üns berilýändigini nygtady.
    Mundan başga-da, ilçi öz çykyşynda medeni mirasy gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy, ABŞ-nyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy bilen birlikde, bilim we medeniýet ugry boýunça gatnaşyklaryň giňeldilýändigini aýtdy. Bu ugurda anyk ylmy edaralar bilen iki ýurduň arasynda köpsanly işleriň durmuşa ornaşdyrylandygyny, ABŞ-nyň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça gepleşikleriň geçirilendigini belledi. Şeýle-de hormatly ilçi türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň 30 ýyllyk tejribesine üns çekmek bilen, bu döwürde baglaşylan ylalaşyklar we şertnamalar, olaryň ähmiýeti, halkara guramalarynyň işiniň çygryndaky özara bähbitli çözgütler dogrusynda durup geçdi.
    Duşuşygyň barşynda talyp ýaşlar hormatly myhmana türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň geljegi, saýlan hünär ugurlary bilen bagly özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler. Köp ýyllyk iş tejribesi bolan diplomat özüne berlen sowallara giňişleýin jogap berdi hem-de ýaş žurnalistlere işlerinde ussat bolmaklary üçin köp okamagy, köpräk adamlar bilen işleşmegi, bolup geçýän wakalary seljerip başarmagy we jemgyýete dogry ýetirmegi maslahat berdi.
    Batyrmuhammet ORAZOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY surady

    04/06/2025

    “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
    KATAR DÖWLETINIŇ DIM-NIŇ DIPLOMATIÝA INSTITUTYNYŇ DIREKTORY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK surady

    13/05/2025

    KATAR DÖWLETINIŇ DIM-NIŇ DIPLOMATIÝA INSTITUTYNYŇ DIREKTORY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
    ILÇI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK surady

    29/04/2025

    ILÇI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI