Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHAT
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • ÝAŞLARYŇ YLMY ÜSTÜNLIGI
        • BUŞLUK, ÝAŞ ALYM BOLDUM!
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • EÝRANLY ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN GEÇIRILEN TANYŞLYK SAPARY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ITALIÝALY WEKIL BILEN GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Çäreler / Täsirli geçen sergi
    Täsirli geçen sergi surady
    30/11/-0001

    1424

    Täsirli geçen sergi

    2022-nji ýylyň 10-11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisi geçirildi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramyna gabatlanyp geçirilen nobatdaky gözden geçiriliş Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.
    Halkara serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň talyplary gatnaşdylar. Şeýle-de, şu ýyl sergä dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan lukmançylyk ulgamynyň wekilleri geldiler.
    Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyşy boldy.
    Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara ylmy-maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depgini, ilatyň saglygyny goramakda ýeten sepgitleri, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky işjeň gatnaşyklara barha artýan gyzyklanmalary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

    Dünýägözel ÇARYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI surady

    13/06/2026

    UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
    Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi surady

    10/06/2026

    Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
    BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI surady

    03/06/2026

    BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI