11/04/2026
53
SUW DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA NOBATDAKY OKUW SAPAGY
2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň Suw diplomatiýasy ugry boýunça “Suw diplomatiýasy boýunça Türkmenistanyň halkara başlangyçlary we tejribesi” atly tema boýunça okuw sapagy geçirildi.
Bu okuw sapagyny Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň Hukuk işgärler we ýörite işler müdirliginiň başlygynyň orunbasary Gülşirin Çarygulyýewa alyp bardy. Okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň suw diplomatiýasy ugry boýunça alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy, suw adamzadyň ýaşaýşyny üpjün edýän möhüm serişdesi, durnukly ösüşiň global meseleleri hem-de halkara guramalaryň suw meseleleri babatyndaky ýerine ýetirýän esasy wezipeleri barada barada giňişleýin gürrüň edildi.
Sapagyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar dogrusynda hünärmen bilen sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
alkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy.