05/06/2026
49
DAŞKY GURŞAWY GORAMAK BOÝUNÇA SUW DIPLOMATIÝASY MERKEZINDE GEÇIRILEN OKUW SAPAGY
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň Suw diplomatiýasy ugry boýunça “Merkezi Aziýanyň suw gorlaryny ulanmakda Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň tejribesi” hem-de “Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününiň” bellenilmeginiň ähmiýeti barada okuw sapagy geçirildi. Ony S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, professor, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Italmaz Saparlyýew alyp bardy.
Bu okuw sapagynda halypa mugallym Merkezi Aziýada suw gorlaryny dolandyrmak we ulanmak, sebitiň durnukly ösüşi, azyk we energetika howpsuzlygy babatynda Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň tejribesi barada çykyş etdi. Türkmenistanyň tejribesinde durnukly suw ulgamynyň kemala gelmeginde iri göwrümli gidrotehniki taslamalarynyň alnyp barlyşy, hususan-da “Altyn Asyr” türkmen köli taslamasynyň Türkmenistanyň iň uly tejribelerinden biri — Garagum çölüniň jümmüşinde şor suwlary (oba hojalygyndan akyp gidýän zeýkeş suwlaryny) ýygnap, gaýtadan ulanmak taslamasy, Türkmenistan BMG-niň çäginde Sebitde durnukly suw strategiýasyny döretmek başlangyjyny yzygiderli öňe sürmegi hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyna (AHHG) başlyklyk eden döwürlerinde sebitde suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça köp sanly guralan halkara platformalar barada hem sapagyň dowamynda gürrüň edildi.
Sapagyň ahyrynda 5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününiň Ýer ýüzünde, aýratyn hem Merkezi Aziýa sebitinde ekologik durnuklylygy üpjün etmek, tebigy baýlyklary aýawly saklamak we bu ugurda diplomatiýany berkitmek nukdaýnazaryndan örän uly ähmiýete eýedigi barada hem aýratyn bellenildi. Täsirli geçen okuw sapagynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogaplary aldylar.
Hoşgeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby