03/06/2026
66
SUW WE EKOLOGIÝA MESELELERI BOÝUNÇA GEÇIRILEN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň Suw diplomatiýasy ugry boýunça “Merkezi Aziýa döwletleriniň suw we ekologiýa meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy” atly tema boýunça 5-nji iýun – Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlanan okuw sapagy geçirildi.
Bu okuw sapagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy Aýjan Omarowa alyp bardy. Okuw sapagynyň dowamynda mugallym Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň paýlanyşy we ulanylyşy, geografiki taýdan deňagramlylygy, sebitde ekologiýa we suw diplomatiýasyny işjeň öňe sürýän ýurtlaryň biri hökmünde Türkmenistanyň suw diplomatiýasy ugry boýunça alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy, suw adamzadyň ýaşaýşyny üpjün edýän möhüm serişdesi, durnukly ösüşiň global meseleleri hem-de halkara guramalaryň suw meseleleri babatyndaky ýerine ýetirýän esasy wezipeleri barada giňişleýin gürrüň berdi.
Sapagyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallar dogrusynda mugallym bilen sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy