31/10/2026
60
SPORTUŇ WOLEÝBOL GÖRNÜŞI BOÝUNÇA ÝARYŞ
2026-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 2026-2027-nji okuw ýylynda geçirilýän «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XVI milli uniwersiada ýaryşlarynyň düzüminde bolan, sportuň woleýbol görnüşi boýunça talyp gyzlaryň arasynda final oýunlary geçirildi. Bu sport ýaryşy örän işjeň ýagdaýda geçip, ýaş nesilleriň sport bilen meşgullanmaga we bedenlerini berkitmäge bolan höwesini has hem artdyrdy.
Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Sport saglygyň sakasy, sagdyn durmuşyň gözbaşy hasaplanýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda milli we halkara derejesinde sport bäsleşikleridir olimpiadalar yzygiderli guralýar.
Gülnara MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
30/10/2026
BREÝN-RING BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI