11/02/2025
602
Beýik Britaniýanyň ýokary okuw mekdebiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň “University of St Andrews” ýokary okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň, Türkmenistanyň Dașary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbașçylary we mugallymlary gatnaşdylar.
Duşuşykda Beýik Britaniýanyň “University of St Andrews” atly 1413-nji ýylda döredilen ýokary okuw mekdebiniň “School of International Relations” fakultetiniň uly mugallymy, “Institute of Middle East, Central Asia and Caucasus Studies” bölüminiň direktory, doktor Matteo Fumagalli çykyş etdi. Doktor M.Fumagalli Beýik Britaniýadaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen aragatnaşygy sazlamakda gyzyklanmalarynyň bardygyny aýtdy. Ýagny, Türkmenistanda halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi bilen gönümel hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ýardam bermegi haýyş edip, Türkmenistanyň wekillerini hem Șotlandiýada ýerleşýän “University of St Andrews” ýokary okuw mekdebine çagyrdy.
Șeýlelikde, "University of St Andrews" ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçilikleriň ilkinji adimi hökmünde sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşusygyň dowamynda bellenilip geçildi.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler

21/05/2025
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI