132
“Sanly ykdysadyýet dersini okatmagyň usullary” atly onlaýn maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk babatynda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak maksady bilen, sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça 2025-nji ýylda geçiriljek maslahatlaryň meýilnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Sanly ykdysadyýet kafedrasynyň uly mugallymy Aýgözel Arlanowa “Sanly ykdysadyýet dersini okatmagyň usullary” atly tema bilen çykyş etdi.
Bu maslahata Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleri we mugallymlary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar özara pikir alyşdylar. Şeýle maslahatlaryň guralmagy ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk babatynda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmakda uly ähmiýete eýe bolýar.
Amanmyrat MYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
