Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / REDAKSIÝADA MYHMANÇYLYKDA
    REDAKSIÝADA MYHMANÇYLYKDA surady
    30/11/-0001

    805

    REDAKSIÝADA MYHMANÇYLYKDA

    2022-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Ýaş diplomatyň sesi» atly metbugat – elektron gazetiniň döredijilik toparynyň talyplary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasynda önümçilik okuw sapagyny geçdiler.
    «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory Seýitmyrat Geldiýew talyplary redaksiýanyň döredijilik işgärleri bilen tanyşdyrdy. Önümçilik okuw sapagynyň başynda halypa žurnalist Gurbannazar Orazgulyýew žurnalistikanyň esaslary, žanrlarynyň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdi. Duşuşygyň dowamynda gazetiň işleriniň gidişi, makediň taýýarlanylyşy, makalalaryň gazet sahypalaryna ýerleşdirilişi görkezildi. Gazetiň jemi sahypasy 16 sahypadan ybarat bolup, her sahypasy dürli pudaklara niýetlenendir. Bu gazetiň makalalary türkmen hem-de rus dillerinde neşir edilýär.
    Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli bolan «Biznes reklama» gazetini br.com.tm internet salgysynyň üsti bilen elektron görnüşinde okap bolýar. Türkmen, iňlis hem-de rus dillerindäki makalalar ýerleşdirilen bu saýtda «Baş sahypa», «Resmi habarlar», «Söwda we hyzmat», «Ýerli önümçilik», «Jahan habarlary», «Arhiw» ýaly bölümler bolup, olarda gazetiň her sanynda çap edilen habarlar elektron görnüşinde ýerleşdirilýär. Saýtyň «Arhiw» bölüminde bolsa gazetiň pdf nusgalaryny ýükläp almak mümkinçiligi bar.
    Talyp ýaşlaryň nazaryýetde alýan bilimleriniň önümçilik okuw sapaklarynyň üsti bilen berkidilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Çünki şeýle önümçilik sapaklarynyň geçirilmegi talyplaryň bilim alýan hünär ugrundan has-da kämilleşmegine uly itergi berýär.

    Dünýägözel ÇARYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI