06/12/2025
8
PARAHATLYK DILEGI
Şeýle şygyrlar bolýar. Olary näçe okasaň-da, diňleseň-de, ýadamaýaň. Gaýta, her gezek okanyňda ruhuň saplanýar, akylyň durlanýar. Bu şygyrlar halkyň ýürek töründe hem baky orun alýar. Kerim Gurbannepesowyň «Aktual poema ýa-da goşgular çemeni» atly eseri hem şolaryň hatarynda. Adyna mynasyp bu goşgular çemeni häzir hem öz aktuallygyny, ähmiýetini ýitirenok. Esasan hem, salam hakdaky goşgusy.
Häzirki wagtda Ýer ýüzünde ýaş nesilleri dogry terbiýelemek bilen bagly meseleleriň ör-boýuna galýan döwründe bu şygryň ähmiýeti has hem artýar. Paýhasy goýazy halkymyz edebiň başyny salam hasaplaýar. Ussat bu şygrynda: «Salam!» diýmek — parahatlyk dilemek, // Şol mukaddes sözden güýç alýar zaman» diýip, jaýdar belleýär. Hakykatdan-da, «essalawmaleýkim» sözüniň manysy arap dilinden terjime edilende, «Men size parahatlyk dileýärin!», «Men size salamatlyk isleýärin!» diýen manyny aňladýar. Kiçiligimizden öýümize myhman gelende ata-enelerimiziň: «Oglum, bar daýyňa salam ber!» diýen öwüt-ündewleriniň özeninde ýa-da bir ýere sowlup geçjek bolsagam: «Bir salamlaşyp geçeýin» diýmegimiziň düýp manysynda hem birek-birege parahatlyk, abadançylyk, salamatlyk dilemek bar. Bir-biregi her görenimizde dilimize gelýän ilkinji sözüň şeýle çuň manysy barada bir pursatlyk oýlanyp gördüňizmi?!
Türkmen halkymyz: «Ýedi ädimden bir salam» diýýär. Dini çeşmelere ser salanymyzda hem Allatagalanyň 99 adynyň biriniň «es-Selamdygy» baradaky maglumatlara duş gelýäris. Käýarym bir-biregiň göwnüne degip öýkeleşsegem: «Salama bir ýer goý», «Taňry salamyny gysganma» diýilýär.
Näme üçin biz bir-biregi gören badymyza: «Men size baýlyk, abraý, bagt... dileýärin» diýmegiň deregine, günüň dowamynda telim gezek parahatlyk dileýärkäk?! Bu soragyň jogaby öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Adamzat elmydama ýagşy zatlaryň, bagtyň, bagtyýarlygyň arzuwynda. Parahatçylygyň ýok ýerinde bolsa bagtyň bolmajakdygy şübhesiz hakykat. Köpüň dilegi hasyl bolarmyş. Megerem, Ýer togalagynyň abatlygynyň binýadynda-da biziň günde ençeme gezek parahatlyk üçin edýän dileglerimiz — salamlarymyz durandyr.
Aslynda, bagt näme? Kimsi bagty baýlykda, at-abraýda, kimsi bolsa söýgüde, maşgalada görýär. Umuman, bu meselede her bir ynsanyň öz pikiri, özboluşly garaýşy bar. Ýöne bagtyň özeninde, tutuş ynsanyýetiň bagtyýarlygynyň binýadynda «parahatçylyk» atly beýik mukaddesligiň bardygy ikuçsuzdyr. Diňe parahatçylygyň bar ýerinde guşlaryň owazy, şildiräp akýan dury bulaklaryň nagmasy, çagalaryň şadyýan gülküsi ýaragyň güýjünden rüstem gelen gazma dutaryň şirin mukamyna goşulyp, ajaýyp simfoniýany emele getirýär. Bu simfoniýa asudalygyň mekany bolan Watanymyzda her gün gulagymyzy gandyrýar. Bu mukam her säher sag-aman örüp penjirämizi açanymyzda, saýraýan guşlaryň sesinde, ak mekdebe barýan päkize çagalaryň gülküsinde, halal zähmet bilen ýurdumyzy gülletmek üçin işe ugran ynsanlaryň gadamynda, ýüregi ýagşylyga ýugrulan käbelerimiziň dileg-dogasynda ýaňlanýar.
Bu mukama maýyl bolup barşyma gadymy Nusaý galasyna nädip ýetenimi duýman galypdyryn. Giň sährany etekläp oturan taryhy galany synlap durşuma, parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndaky: «Açyk howa çykanda şähdi açylan ata-babalarymyz çölüň asudalygynda onuň özboluşly mukamyny diňläpdirler, gülleriň arasynda olaryň näme çawuş çakýandyklaryny eşidip, ony arzuwlary bilen badaşdyrypdyrlar» diýen ymgyr manyly setirleri ýadyma düşdi. behişdi türkmen ýaýlasyndan öwsen şemal bolsa gulagyma göýä «Şükür bagşy» kinofilminiň sazy bolup eşidildi. Ol mukamda tutuş dünýäniň abatlygynyň, ähli ynsanyýetiň durmuşynyň parahatlygynyň arzuwy bardy.
...Birdenem gulagyma: «Salawmaleýkim!» diýen ses ildi. Seretsem, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň jogapkär işgäri ýanyma gelipdir. Men hem: «Waleýkimessalam» diýip, onuň parahatlyk baradaky ýagşy arzuw-niýetine goşuldym. Ol asyrlaryň dowamynda parahatçylyk söýüjiligi ýaragyň güýjünden öňde goýup, taryhda uly yz galdyran Beýik Parfiýa döwletiniň şöhratly taryhy barada gürrüň bermäge başlady...
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Çeşme:«Nesil» gazeti, 6.12.2025ý. https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/217917