1449
Okuw maslahatynyň nobatdaky sany gurnaldy
2021-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen sanly ulgam arkaly yzygiderli alnyp barylýan okuw maslahatynyň nobatdaky sany geçirildi.
Bu okuw maslahatyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Merjen Gurbannazarowa alyp bardy. Ol adamyň we raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny ýaşlara giňden düşündirmekligiň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Maslahatyň dowamynda mugallymlaryň çykyşlary talyp ýaşlaryň gyzykly sowal-jogap alyşmalary bilen utgaşdy.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
13/06/2026
UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
10/06/2026
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi