19/03/2026
151
«NOWRUZ – RUHUBELENTLIGIŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BAÝRAMY» ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY GEÇIRILDI
Ajaýyp zamanamyzda milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy we medeni mirasymyzy dünýä ýaýmak, ýaş nesli watansöýüjilik, parahatçylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edildi. Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Halkara derejede ähmiýetli bolan bu baýram dünýäde medeni-ynsanperwer ýörelgeleri kämilleşdirmäge, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär.
2020-nji ýylda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň döredilmegi Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň ýolunda möhüm ädim boldy. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde, medeni, bilim we ylym kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikler gazanyldy. Şu nukdaýnazardan, 2026-njy ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň guramagynda Bütindünýä şygryýet güni hem-de Halkara Nowruz güni mynasybetli «Nowruz — ruhubelentligiň we ösüşleriň baýramy» atly döredijilik festiwaly geçirildi.
Festiwal üç tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda gatnaşyjylar Halkara Nowruz gününi belleýän döwletleriň medeniýetini, milli lybaslaryny, el işlerini we tagamlaryny görkezýän sergiler bilen çykyş etdiler. Ikinji tapgyrda sahna çykyşlary, çeper okaýyşlar, aýdym-sazly çykyşlar hem-de folklor sahnalary görkezildi. Üçünji tapgyrda bolsa talyplaryň arasynda milli sport oýunlary boýunça gyzykly ýaryşlar guraldy.
Baýramçylyk çäresine institutyň Halkara gatnaşyklary, Halkara hukugy, Halkara ykdysady gatnaşyklary we Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary we magistrleri işjeň gatnaşdylar. Festiwalyň maksady Halkara Nowruz gününiň ähmiýetini giňden wagyz etmekden, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk medeniýetini ösdürmekden hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat boldy.
Çäräniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkmenistan ýaly döwletleriň baý medeniýeti giňden açylyp görkezildi.
Festiwalyň jemleýji bölüminde eminler tarapyndan tapawutlanan toparlar kesgitlenip, ýeňijilere işjeň gatnaşandyklary üçin Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bu çäre ýaşlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, medeni dialogy ösdürmäge we Halkara Nowruz gününiň ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmäge uly goşant goşdy.
Mergen GELDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.