Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • ÝEWROPA HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK GEŇEŞINIŇ DOLANDYRYJY DIREKTORY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • DIPLOMATIÝA ÝOLUNDA HALKARA TEJRIBE
      • Ilçileriň leksiýalary
        • Täsirli duşuşyk
      • Halkara günler
        • ADAMYŇ HUKUKLARYNY WE AZATLYKLARYNY GORAMAKDA HALKARA WE MILLI RESMINAMALARYNYŇ ÄHMIÝETI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Китайско-туркменский народный диалог: созвучие идей Нейтралитета и Сообщества единой судьбы
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / NOWRUZ – DÖREDIJILIGIŇ YLHAM GÖNEZLIGI
    NOWRUZ – DÖREDIJILIGIŇ YLHAM GÖNEZLIGI surady
    18/03/2022

    1166

    NOWRUZ – DÖREDIJILIGIŇ YLHAM GÖNEZLIGI

    2022-nji ýylyň 18-nji martynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň bilelikde guramagynda «Halkyň Arkadagly zamanasynyň bahar bagtyýarlygy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik çärä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, halypa ýazyjy-şahyrlardyr žurnalistler, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda halypa ýazyjy-şahyrlar –– Türkmenistanyň Gahrymany, «Edebiýat we sungat» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüm müdiri Gözel Şagulyýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, ýazyjy Kömek Kulyýew, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby Toýly Muhammetdurdyýew, «Altyn asyr» teleradioýaýlymynyň «Watan» radioýaýlymy boýunça jogapkär redaktory Nurberdi Dädebaýew, Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy Juma Artykow, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty Jeren Atabaýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby Ogulmeňli Ýaraşowa, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory Süleýman Ilamanow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň habarçysy Gülnabat Begenjowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby Maksat Çaryýew dagy çykyş etdiler.
    Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Gahrymany, Gözel Şagulyýewa Halkara Nowruz baýramyny gutlamak bilen, ýaşlara gymmatly nesihatlary we öwüt-ündewleri berdi. Halypa ýazyjy-şahyrlar çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlara zehin taýdan kämilleşmegi, žurnalistiň etikasy, ussat şahyrlar G.Ezizowyň we H.Kulyýewiň döredijilik aýratynlygy, prozada degişme žanrynyň şu güni, Halkara Nowruz baýramynyň dünýä ýaýrawy babatynda özleriniň gymmatly öwüt-nesihatlaryny we oý-pikirlerini aýdyp, ýurdumyzda ýaşlaryň we ösüp barýan nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup kemala gelmegi, şeýle-de, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi dogrusynda aýratyn belläp geçdiler. Talyp ýaşlar halypalaryň eden gyzykly çykyşlaryndan täsirlenip, özlerini gyzyklandyrýan sowallary bilen ýüzlendiler. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda halypalaryň ýerine ýetirmeginde okalan şygyrlar oňa gatnaşyjy ýaşlarda ýakymly duýgulary döretdi.
    Baýramçylyk çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi we bütin türkmen halkyny ýetip gelýän Halkara Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
    Merjen JUMAGYLYJOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy surady

    07/12/2025

    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
    Ýurdumyzda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi surady

    08/11/2025

    Ýurdumyzda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi
    BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 80 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MASLAHAT surady

    23/10/2025

    BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 80 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MASLAHAT
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI