Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / Metbugat brifingi
    Metbugat brifingi surady
    16/01/2021

    750

    Metbugat brifingi

      2021-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýolunyň açylyşyna, Kerki (Türkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça uzynlygy 153 kilometr, güýjenmesi 500 kW bolan elektrik geçirijisiniň işe girizilmegine, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr akymlaryň işe girizilmegine bagyşlanan metbugat brifingi geçirildi.

      Oňa “Türkmendemirýollary” we “Türkmenaragatnaşyk” agentliklerinden, Energetika ministrliginden, daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatiki wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryndan, halkara guramalarynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryndan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden wekiller bilen bir hatarda, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Şeýle hem metbugat brifingine onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatiki wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

      Metbugat brifinginiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň geňeşçisi Ahmad Tarik Nurzadeniň, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozdyň, Türkmenistanyň Energetika ministri Çarymyrat Pürçekowyň, Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekilhanasynyň Direktory Çang Çing Ýunuň çykyşlary diňlenildi.  

      Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistandan Owganystana, soňra ony Owganystanyň çäklerinden dowam etdirmek mümkinçiligi bilen demir ýoluň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilýändigi, bu taslamalaryň ulag infrastrukturasyny giňeltmäge hem-de doganlyk ýurduň hyzmatdaşlaryna integrirlenen logistik hyzmatlary bermäge gönükdirilendigi, Türkmenistanyň Owganystanyň çäklerinden diňe bir demirýoly öz serişdeleriniň hasabyna çekmän, eýsem özüniň işgärler we maddy serişdelerini – işçileri, inženerleri, ýol maşynlaryny hem-de kranlaryny, gurluşyk materiallaryny, rels-şpal gözeneklerini we beýlekileri hem ulanandygy, demir ýol ulaglary ulgamyndaky gatnaşyklarda ýük daşamagyň has ygtybarly hem-de netijeli usul boljakdygy, täze demir ýoluň gurulmagynyň Owganystanyň bu etraplarynda täze durmuşa gadam basýandygy, wajyp durmuş meseleleriniň, şol sanda ilatyň iş bilen üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine, maýa goýumlaryň çekilmegine we umuman alanyňda Owganystandaky ýagdaýa oňyn täsir etjekdigi dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Çykyşlarda bu polat ýoluň Owganystanyň we Türkmenistanyň arasyndaky söwdany işjeňleşdirmäge mümkinçilik berjekdigi, Owganystanyň demir ýol müdirliginiň geçiren seljermesine laýyklykda, daşalýan ýükleriň möçberiniň birinji ýylda 20 göterim hem-de ikinji ýylda 50 göterim artjakdygyna, munuň bolsa ýük daşamalarynyň tizliginiň artmagyna getirjekdigi, iş orunlarynyň peýda boljakdygy hakda aýratyn nygtaldy. Metbugat brifinginiň barşynda kuwwaty 500 KW bolan elektrik geçiriji ulgamyň işe girizilmeginiň Owganystany ygtybarly elektrik togy bilen üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýandygy bellenildi. Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň, şeýle hem bu ugurlara çekilýän optiki süýümli aragatnaşyk ugrunyň ähmiýeti hem metbugat brifinginde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň arasynda möhüm orny eýeledi.

      Wideoaragatnaşyk arkaly guralan metbugat brifinginiň dowamyndaky pikir alyşmalar, täze ulanylmaga berlen taslamalar babatyndaky metbugat brifingine gatnaşyjylaryň garaýyşlarynyň giňemegine getirdi. Bu ýerde olar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap tapdylar. Metbugat brifinginiň işiniň işjeň ýagdaýda geçmegi onuň ähmiýetiniň uludygyny görkezmek bilen, bu taryhy wakanyň metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarynda giňişleýin şöhlelendirilmegine mümkinçilik döretdi.

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI