16/09/2026
144
MERKEZI AZIÝA – GERMANIÝA SAMMITLERINIŇ YKDYSADY ÄHMIÝETI BARADA UMUMY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy B.Ataýewiň alyp barmagynda «Merkezi Aziýa + Germaniýa» formatyndaky sammitleriň ykdysady ähmiýetine bagyşlanan umumy okuw sapagy geçirildi. Oňa Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Häzirki zaman halkara ykdysady gatnaşyklarynda köptaraply hyzmatdaşlyk çuňlaşýar we täze strategik ugurlar bilen baýlaşýar. Bu babatda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Ýewropada öňdebaryjy ykdysadyýete eýe bolan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky «Merkezi Aziýa + Germaniýa» formatyndaky gepleşikler hem-de sammitler durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Umumy okuw sapagynyň dowamynda taraplaryň arasyndaky söwda-ykdysady, maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri giňişleýin seljerildi.
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hökmünde biz «Merkezi Aziýa + Germaniýa» sammitinde öňe sürlen başlangyçlaryň diňe bir sebitara däl, eýsem global ykdysady hyzmatdaşlykda hem uly ähmiýete eýedigini bütin aýdyňlygy bilen öwrendik. Geçirilen umumy okuw sapagy geljekki hünärmenler hökmünde biziň üçin ykdysady diplomatiýanyň, Ýewropa ugurly köptaraply hyzmatdaşlygyň we sebit integrasiýasynyň amaly taraplaryny çuňňur düşünmäge uly ýardam berdi.
Myrat MAKSADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby