09/10/2026
19
GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ NOBATDAKY GEŇEŞINIŇ YKDYSADY ÄHMIÝETI BARADA YLMY-AMALY SEMINAR GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetinde 7-9-njy oktýabry aralygynda ýokary derejeli duşuşyklaryň çäginde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Geňeşiniň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň ykdysady ähmiýeti barada ylmy-amaly seminar geçirildi.
Seminaryň dowamynda halypa mugallym M.Mämedowa Döwlet Baştutanymyzyň Konsultatiw duşuşykda öňe süren başlangyçlary dogrusynda hem-de hyzmatdaşlyk, parahatçylyk, howpsuzlyk ýaly möhüm mowzuklaryň üstünde durup, jikme-jik gürrüň berdi.
Häzirki zaman halkara ykdysady gatnaşyklarynda sebit hyzmatdaşlygy baý mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu ugurda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) çägindäki özara bähbitli hyzmatdaşlyk strategik ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Geňeşinde kabul edilen kararlar we öňe sürlen başlangyçlar sebitde ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde, söwda-ykdysady gatnaşyklary täze tapgyra çykarmakda we durnukly ösüşi gazanmakda uly itergi berýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hökmünde biz Geňeşde kabul edilen çözgütleriň we duşuşykda öňe sürlen başlangyçlaryň diňe bir GDA-nyň çäginde däl, eýsem bütin sebitleýin we global ykdysady hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýändigini bütin aýdyňlygy bilen öwrendik. Ylmy seminar geljekki hünärmenler hökmünde biziň üçin ykdysady diplomatiýanyň we sebit integrasiýasynyň amaly taraplaryny çuňňur öwrenmäge uly ýardam berdi.
Myrat MAKSADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby