26/11/2026
60
ÝURDUMYZYŇ SANLY YKDYSADYÝETINI WE ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNY DÖWREBAPLAŞDYRMAKDA HALKARA TEJRIBE
2026-njy ýylyň 24-26-njy noýabry aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahat we sergi hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi. Oňa 300-den gowrak daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalarynyň 600-den gowrak wekili, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet agzalary we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, pudaklaýyn hünärmenler, telekeçiler we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Ulag diplomatiýasy” ugry fakultatiw okuwlaryna gatnaşýan talyplary hem gatnaşdylar.
Halkara sergide ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynyň gazanan üstünliklerini, sanly tehnologiýalar, emeli aň, 5G aragatnaşyk, kiberhowpsuzlyk we akylly ulag-logistika çözgütleri giňden şöhlelendirildi.
Şeýle-de forumyň çäklerinde nazary bilimleri önümçilik tejribesi bilen baglanyşdyrmaga gönükdirilen ýörite okuw-türgenleşik maslahatlary geçirildi. Amalyýetde alan bilimleri tejribede ornaşdyrmak boýunça gurnalan okuw sapaklarynda kiberhowpsuzlyk we emeli aň okuw-türgenleşikleri, halkara tejribe alyşmak we ylmy-amaly hyzmatdaşlyklar, önümçilik bilen tanyşlyklar barada maslahatyň dowamynda öwrenilen logistika we sanly dolandyryş çözgütlerini iş ýüzünde görmek maksady bilen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, ýaş hünärmenler we talyplar daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça pikir alyşdylar. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetini we ulag-logistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, şeýle hem halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hünärli hünärmenler neslini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Oguljan TIRKEŞMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby