14/10/2026
74
“AÇYK GAPYLAR DAŞARY YKDYSADY SYÝASATY” ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde yzygiderli ösdürilýän, ýurdumyzyň “Açyk gapylar daşary ykdysady syýasaty” atly strategik ugry wagyz-nesihat etmek boýunça çäre geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylan “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin ygtybarly, durnukly we özüneçekiji ykdysady mekana öwrülendigi aýdyldy. Wagyz-nesihat çäresine institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Okuw-usuly seminarda institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklarynyň kafedrasynyň mugallymy Didar Hydyrow ýurdumyzyň strategiki ösüş ugry boýunça çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýurdumyzyň “Açyk gapylar” syýasatynyň bitaraplyk derejesinden gözbaş alýandygy hem-de işjeň hyzmatdaşlyga, parahatçylykly gepleşiklere ygrarlydygy barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem häzirki zaman dünýäsinde bu syýasy ugurlaryň utgaşmagynyň diňe bir ykdysady bähbitleri üpjün etmek däl, eýsem, sebitara durnuklylygy, köpugurly diplomatiýany, parahatçylygy we durnukly ösüşi berkidýän esasy görkezijisi bolup durýandygyny aýdyň mysallar arkaly düşündirdi. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar ýurdumyzda döredilýän uly mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Medine HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler