65
Maglumat tehnologiýalary boýunça seminar geçirildi
2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyndaky Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda seminar geçirildi. Oňa maglumat tehnologiýalary (IT) ugurlary boýunça hereket edýän kafedralaryň wekilleri işjeň gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, sanly ykdysadyýetiň ösmeginde sanly bilim wajyp orun eýeleýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak üçin bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli özgerdilýär. Şoňa görä-de, seminaryň guralmagynyň esasy maksady ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilimi, sanly ykdysadyýeti we kiberhowpsuzlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýlägem ilerletmekden ybaratdyr.
Seminaryň gün tertibinde umumybilim edaralarynda okadylýan informatika, informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar dersiniň mazmunyny seljermek, ýokary we orta hünär bilimi edaralarynda degişli hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň okuw meýilnamalarynyň çäklerinde okadylýan häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersiniň okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, emeli aň bilen bagly bilimleri özleşdirmek ýaly meseleler göz öňünde tutuldy. Oňa gatnaşyjylar agzalan ugurlar boýunça pikir-garaýyşlaryny we bilim-tejribelerini paýlaşdylar.
Şeýlelikde, bu seminar bilim edaralarynyň sanly mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy, sanly bilim gurşawynyň netijeli hereket etmegi üçin möhüm ähmiýete eýe boldy. Oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.
Amanmyrat MYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.